Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitinde bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi

20:3716.09.2022
0
32347

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Sammitiň giňeldilen düzümdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary bilen bagly çykyş etdi. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen syýasatda, howpsuzlyk ulgamynda, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini kemala getirmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, syýasy-diplomatik ulgamda, terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde has ýygjam özara hereketleri ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy derejede kanunyň hökmürowanlygyny, ykrar edilen halkara hukuk kadalarydyr ýörelgelerini, BMG-niň Tertipnamasynyň ruhuny goramagyň we üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtap, sammite gatnaşyjylara BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara başlangyçlary barada maglumat berdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygynyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamak, Baş Assambleýanyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada barýar.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ilerledilmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara hereketleri dowam etdirmegiň, şu ugurlarda alnyp barylýan işlere we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň hem gatnaşmagyny gazanmagyň, telekeçileriň yzygiderli aragatnaşygyny ýola goýmak babatda zerur tagallalary etmegiň, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň