Soňky habarlar

Arhiw

Jordanyň oýun maýkasy 10 million dollara satyldy

13:4616.09.2022
1
25492

Rowaýaty amerikan basketbolçysy Maýkl Jordanyň «Çikago» toparynyň düzüminde «Ýuta» toparyna garşy Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) final oýnunda geýen maýkasy «Sotheby's» söwda-satyk öýi tarapyndan 10,091 million amerikan dollaryna satyldy. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Bir ýyl mundan öň Jordanyň 1984-nji ýylda NBA-daky ilkinji oýnunda geýen sport aýakgaby 1,472 million dollara satylypdy.
Jordan ESPN-niň wersiýasy boýunça taryhda iň gowy basketbol oýunçysy hasaplanýar. Ol iki gezek olimpiýa çempiony, alty gezek NBA-nyň çempionydyr. Basketbolçy «Forbes» žurnalynyň wersiýasy boýunça taryhda iň köp hak tölenen türgen hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň