Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy, «Turkish Airlines» oktýabrda ýene 14 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük ulaglaryndan alynýan ýol ýygymlarynyň möçberleri üýtgediler

10:2216.09.2022
0
55538
Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy, «Turkish Airlines» oktýabrda ýene 14 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük ulaglaryndan alynýan ýol ýygymlarynyň möçberleri üýtgediler

1. Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy, onda «Gateway International» kompaniýasy hyzmat eder. Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, talyp, üstaşyr we beýleki wiza görnüşlerini almak üçin merkeze ýüz tutup bilerler. Kabul edişlige helpline.turkmenistan@gateway.com.tr elektron poçta salgysy arkaly ýa-da (+993 12) 40 02 12 telefon belgisi boýunça ýazylyp bilersiňiz.

2. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Stambul bilen Türkmenbaşynyň arasynda 14 ýolagçy uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Howa gatnawlary hepdede üç gezek – her duşenbe, anna we şenbe günleri amala aşyrylar.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhedinde ýerleşýän barlag-goýberiş nokatlaryndan geçilende daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alýynýan ýygymlaryň we tölegleriň möçberlerini üýtgetmek we goşmaçalary girizmek hakynda Karara gol çekdi.

4. Samarkantda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Serdar Berdimuhamedowyň bu şähere saparynyň birinji güni tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Karimowyň mawzoleýine bardy, RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen, HHR-niň Başlygy Si Szinpin bilen we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

5. Meşhur italýan ulag öndürijisi «Ferrari» özüniň ilkinji köpçülikleýin öndüriljek ýolsuz ýerde ýöreýän ulagyny tanyşdyrdy. Täze ulag «Purosangue» diýlip atlandyrylar, italýan dilinden terjime edilende ol «arassa ganly» diýmegi aňladýar. Awtomobil eýýäm şu ýylyň aýagynda satuwa çykarylar. Onuň bahasy takmynan $400 müň dollara deň bolar.

6. «Patagonia» haryt nyşanly sport lybaslaryny esaslandyryjy, milliarder Iwon Şuinar öz kompaniýasyny klimat heläkçiligi bilen göreşmek üçin tabşyrdy. Sport egin-eşigi ulgamynda dünýäniň iň meşhur haryt nyşanlarynyň birini esaslandyryjy işewür öz kompaniýasyny ähli girdejini planetamyzy halas etmäge gönükdirmegi maksat edinýän gazna bagyş etdi.

7. Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Russiýada okuw-türgenleşigini geçirmek üçin toplanarlar. 6-njy oktýabra çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary Zelenogorskdaky toplumda bolarlar we oktýabr aýynda Bahreýnde badalga aljak Aziýanyň çempionatyna taýýynlanarlar.

8. Türkmen karateçileri Çehiýada geçirilen şotokan karate boýunça dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça 102 medal gazandylar, şolaryň 35-si altyn, 21-si kümüş we 46-sy bürünç medallardyr. Öwezmyrat Sapardurdyýew hem-de Allanur Ýalkabow öz ýaş derejeleri boýunça dünýäniň absolýut çempiony diýen ada we «Grand Champion» guşagyna eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň