Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary Kazanda kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldular

12:1715.09.2022
0
30856

Ýakynda Kazan şäherinde üç aýyň dowamynda geçirilen «Football Masters» atly kiçi futbol boýunça tomusky ýaryş tamamlandy.

Arzyly kubok ugrundaky ýaryşa 10 topar gatnaşdy. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde ilkinji dört orny eýelän toparlar ýaryşy ýarym final we final tapgyrlary bilen dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

Ýaryşda Kazan şäherinde bilim alýan türkmenistanly talyplardan düzülen «Dostluk» topary ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, Kubogyň eýesi boldy. Olara medallardyr Hormat hatlary hem gowşuryldy.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen talyplarynyň toparynda Baýramgeldi Hümmetgeldiýew (derwezeçi), Abdyserdar Eminow, Ylýas Ekäýew, Bagtyýar Öwezberdiýew (ählisi goragçy), Ahmet Saryýew, Kerwen Hudaýberdiýew, Şöhrat Haýytmyradow, Merdan Annaberdiýew (ählisi ýarym goragçy), Kadyr Kadyrow we Çary Nyýazow (ikisi hem hüjümçi) dagylar esasy düzümde meýdana çykdylar.

Ýeri gelende aýtsak, «Dostluk» futbol topary Tatarystan Respublikasynda geçirilen ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisidir. Bu toparyň Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Konsullygynyň ýanynda döredilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň