Turkmenportal logo
14.09.22
1974419744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çagalar babatynda ynsanperwer çärelere bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi
Aşgabatda çagalar babatynda ynsanperwer çärelere bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEFF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda ynsanperwer çäreleriň dowamynda çagalar babatda esasy borçlary boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.


14-nji sentýabrda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary, bu ugurdaky halkara, milli hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýty habar berdi.


Maslahatda ynsanperwer çäreleriň dowamynda çagalar babatda esasy borçlary we olardan gelip çykýan wezipeleri tanyşdyrmak bilen bagly öňdebaryjy halkara tejribeler öwrenildi. Şeýle hem, halkara hünärmenler tarapyndan ynsanperwer mandat we ÝUNISEF-iň iş düzümi, jogapkärçilikleriň aýratynlyklary barada nygtalyp geçildi.


Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.