Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi

10:0013.09.2022
0
18833
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Ýer eýeleri, Iordaniýanyň ýaşlar ýygyndysynyň garşysyna geçirilen duşuşykda türkmen futbolçylary degerli oýun görkezdiler. Goranyşda dürs oýnan türkmen futbolçylary 17-nji minutda hasaby açmagy başardylar. Netijeli urgyny Arslan Saparow öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda ýer eýeleriniň oýunçylary netijeli urgularyň üçüsini geçirmegiň hötdesinden geldiler. Şeýlelikde, duşuşyk 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Oýun gününiň beýleki duşuşygynda Siriýanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparyndan uly hasap bilen üstün çykdy – 10:0.

Geçirilen duşuşyklardan soň 6 utuk toplan Siriýanyň ýygyndysy toparçada birinji orny eýeleýär. 3 utukdan toplan Iordaniýanyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş edýär. Geçirilen bije çekişlikde «D» toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary boldular. Saýlama tapgyryň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň