Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

20:2512.09.2022
0
37485
TÝL ― 2022: 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

13-nji sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. Has takygy, şol gün tapgyryň üç duşuşygy geçiriler. Tapgyr 14-nji sentýabrda geçiriljek bir duşuşyk bilen tamamlanar.

Tapgyryň esasy aýratynlygy onuň derbiler tapgyry bolmagydyr. Has takygy, 13-nji sentýabrda «Merw» «Energetigi», «Köpetdag» «Aşgabady», «Şagadam» «Nebitçini», 14-nji sentýabrda «Ahal» «Altyn asyry» kabul eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär:

9-njy tapgyryň duşuşyklary:

13.09.2022 ý. (sişenbe)
“Merw” – “Energetik”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 17:00
Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

“Köpetdag ” – “Aşgabat”
Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.), M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” – “Nebitçi”
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

14.09.2022 ý. (çarşenbe)
“Ahal” – “Altyn asyr”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 17:15
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň