Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Puldaky Şa zenanyň şekilini çalyşmak üçin iki ýyl gerek bolar

11:2512.09.2022
0
15730
Puldaky Şa zenanyň şekilini çalyşmak üçin iki ýyl gerek bolar
Surat: regnum.ru

Dolanyşykda bolan britan pullaryndan Ýelizaweta II şekilini aýyrmak we Karl III keşbini ýerleşdirilen täze pullary dolanyşyga goýbermek üçin azyndan iki ýyl gerek bolar. Bu barada «The Guardian» gazeti habar berdi diýip, «Mail.ru» ýazýar.

Neşir häzirki wagtda dolanyşykda Şa zenanyň keşbi şekillendirilen, umumy hümmeti 80 milliard funt sterling bolan pullaryň 4,5 milliard sanysynyň bardygyny habar berdi.

Öň Angliýanyň banky Şa zenanyň keşbi ýerleşdirilen kagyz we şaýy pullary çalyşmakçydygyny mälim edipdi. Bu diňe Beýik Britaniýa däl, Awstraliýa, Kanada, Täze Zelandiýa, Ýamaýka ýaly onlarça döwlete galtaşar. Olarda heniz hem ýurduň Baştutany resmi taýdan britan monarhy hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň