Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde gurulýan täze atçylyk toplumy bilen tanyşdy

22:4508.09.2022
0
12006

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde gurluşygy alnyp barylýan täze atçylyk toplumynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berip, topluma degişli taslamalar bilen tanyşdyrdy. Hasabatda bellenilişi ýaly, bu toplumyň çäklerinde esger ýatakhanasy, açyk manež, bedewler we taýlar üçin athanalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, bassyrmalar, atlar üçin türgenleşik we gezim meýdançalary, çapuw ýodasy, karantin binasy, suw howdanlary, ýörite tehnikalar üçin desga, barlag-goýberiş nokady hem-de beýleki degişli desgalar bar. Içeri işler ministriniň hasabat berşi ýaly, häzirki wagtda toplumda gurluşyk-gurnama işleri meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatda degişli belliklerini aýtdy hem-de atçylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inžener-tehniki çözgütleriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow atçylyk toplumynyň desgalarynyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşyp, ozal gurlan beýleki toplumlar ýaly, täze atçylyk toplumynyň hem döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini we bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, olar bilen degişli türgenleşikleri geçmek hem-de atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin bu ýerde ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi bilen baglylykda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň