Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

20:1208.09.2022
0
6816

Häzirki wagtda Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň sammitine gatnaşmak bilen baglylykda Özbegistanyň Daşkent şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowa 8-nji sentýabrda Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda G.Mämmedowa özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidenti ynamdar dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan Türkmen—özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki taslamalary we medeni-ynsanperwer ugurda özara tejribe alyşmak babatda iki döwletiň parlamentleriniň möhüm orna eýedigi aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Parlamentara bilelşigiň, şonuň bilen birlikde Merkezi Aziýa sebitindäki dialog meýdançalarynyň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň