Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri Kazandaky halkara foruma gatnaşdylar

11:2306.09.2022
0
12582
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri Kazandaky halkara foruma gatnaşdylar

«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy.

Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Çärä gatnaşyjylar dekarbonizasiýa, importyň ornuny tutmak, ýangyç-energetika toplumynda sanlylaşdyrmak ulgamynda ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşdylar. Forum özünde dört sany pudaklaýyn sergini şol sanda Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy nebitgaz kärhanalarynyň gatnaşan «TatOilExpo» sergisini jemledi. Şol kärhanalaryň hatarynda — gaz we nebit enjamlaryny öndürijilr we iberijiler, nebit korporasiýalary we holdingler, nebit we gaz çykaryjy kärhanalar, nebithyzmat we geologiýa gözleg kompaniýalary bar.

Tatarystan nebitgaz forumy pudaklaýyn kärhanalaryň arasynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin neetijeli mýdança öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň