Turkmenportal logo
05.09.22
1536115361
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatda energetikleriň bäsleşigi başlady
Türkmenabatda energetikleriň bäsleşigi başlady

«Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň binýadynda energetika işgärleriniň arasynda bäsleşik başlandy. Bu barada Jeyhun.news ýazdy.


Ol Türkmenistanyň Energetika ministrligi we pudaklaýyn kardeşler arkalaşygy tarapyndan yglan edildi. Oňa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan energetika pudagynyň işgärleri gatnaşýarlar. «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynda onuň açylyş dabarasy boldy. Onda Onda pudagyň işgärleri, weteranlary, şonuň ýaly-da sungat işgärleri çykyş etdiler.


Dört günläp dowam etjek bäsleşikde energetika pudagynyň iň gowy işgärleri ýüze çykarylar. Olar özleriniň nazary bilimlerini we dürli ýagdaýlarda çalt we dogry çözgüt tapyp, olardan baş alyp çykmagy başarmak ukyplaryny görkezerler.