Soňky habarlar

Arhiw

Köne oýnawaçlaryň 84 göterimi saglyk üçin zyýanly

09:2803.09.2022
0
12547
Köne oýnawaçlaryň 84 göterimi saglyk üçin zyýanly
Surat: mir24.tv

Köne oýnawaçlardyr egin-eşikleriň 84 göterimi özünde çaganyň ösüşine, ukyplaryna ýaramaz täsir edip biljek toksinleri saklaýar, şeýle-de olar onkologiýa keselleriniň peýda bolmagyna getirip biler. Şwesiýanyň Geteborg uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler we bu barada ýörite makala «Journal of Hazardous Materials Advances» neşirinde çap edildi diýip, «MIR24» ýazýar.

Hünärmenler ylmy-barlag üçin 157 sany köne oýnawajyň himik düzümini seljerdiler, şunda olaryň öz düzüminde kadadan ep-esli artyk bolan ftalatlarydyr hlorlanan parafinleri saklaýandygy belli boldy. Täze oýnawaçlarda bu görkeziji 30 göterim derejededir. Mysal üçin, köne pökgülerde ftalatlar onuň agramynyň 40 göterimden gowragyny tutýar, bu bolsa rugsat berlen kadadan 400 esse ýokarydyr.

Netijede, barlaglar gaýtadan ulanmagyň we işläp bejermegiň daşky gurşaw üçin hemişe peýdaly däldigini subut etdi. Munuň üçin plastiki we beýleki serişdeleri howply jisimlerden arassalamak möhüm bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň