Türkmenistanyň 3х3 basketbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Malaýziýada geçiriljek Aziýanyň kubogyna gatnaşar

11:5501.09.2022
0
18829

Türkmenistanyň 3х3 basketbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy şu ýylyň 13 ― 16-njy oktýabry aralygynda Malaýziýada geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar.

Yklym ýaryşyna taýýarlygyň çäginde 28 ― 30-njy awgust aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport binasynda milli çempionat geçirildi. Oňa erkekleriň 16, zenan basketbolçylaryň 11 topary gatnaşdy.

«Bu ýaryş şu ýylyň 13 ― 16-njy oktýabry aralygynda Kuala-Lumpur şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogyna taýýarlygyň bir tapgyrydyr» diýlip, Türkmenistanyň Basketbol federasiýasyndan berlen habarda aýdylýar.

Erkekleriň arasynda-da, zenanlaryň arasynda-da «Aşgabat» basketbol toparyna taý tapylmady. Olar erkekleriň arasyndaky finalda Balkan welaýatynyň toparyny 21:18, zenanlaryň ýaryşynyň aýgytlaýjy duşuşygynda bolsa Mary welaýatynyň wekillerini 16:10 hasabynda ýeňdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň