Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşini gutlady

09:1231.08.2022
0
19438

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belläp, bilelikdäki tagallalar netijesinde türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine geljekde hem giňeldiljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň