Ýaşlar ligasy ― 2022: «Altyn asyr-2» ýeňişli ýoluny dowam etdirýär

16:5929.08.2022
0
18381

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň futbol federasiýasy tapgyryň duşuşyklarynda «Aşgabadyň», «Nebitçiniň» we «Altyn asyryň» ýaşlarynyň garşydaşlaryny ýeňendigini habar berdi.

«Energetigiň» ýaşlary ulularyň soňky tapgyrlardaky üstünliklerine şärik bolup bilenoklar. Ýaryş tertibiniň ahyrky basgançagynda barýan «Energetik-2» öz meýdanynda «Aşgabadyň» ýaşlaryndan 1:2 hasabynda asgyn geldi.

Balkanabatda «Nebitçiniň» ýaşlary «Merw-2»-ni kabul edip, myhman topary jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdi. «Altyn asyryň» ýaşlar düzümi hem «Köpetdag-2»-ni edil şeýle hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Yzda galan dört tapgyrda «Altyn asyr-2» bilen «Aşgabat-2» 9 utuk toplap, ýaryşyň başyny çekýär. Ýöne «aragatnaşykçylaryň» üç duşuşyk geçirendigini aýtmak gerek. Üçünji orunda bolsa üç duşuşykda 6 utuk toplan «Ahal-2» barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň