Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Merwi» ýene «Ahal» ynamly öňde barýar

21:1327.08.2022
0
21909
TÝL ― 2022: «Merwi» ýene «Ahal» ynamly öňde barýar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň merkezi duşuşygynda «Ahal» «Merwi» 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Duşuşykda «Ahalyň» gollaryny Gurbanguly Aşyrow, Elman Tagaýew (11 m.j.u.) we Didar Durdyýew dagylar geçirdiler. «Merwiň» ýeke-täk pökgüsini Alibek Abdyrahmanow öz adyna ýazdyrdy.

Utugyny 16-a çykaran «Ahal» ýaryş tertibiniň birinji basgançagyndaky ýerini gorap gelýär. 10 utukda galan «Merw» bolsa ikinjilikden dördünji basgançaga çenli düşdi.

«Merw» indiki tapgyrda (30-njy awgust) «Şagadamy» kabul eder, «Ahal» bolsa 31-nji awgustda «Aşgabadyň» myhmany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň