Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza üçin gerek bolmajak ýüz tutmalary aýyrýar

15:2726.08.2022
0
76177
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza üçin gerek bolmajak ýüz tutmalary aýyrýar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram jemgyýetçilik torunda wiza barada ýene-de bir habarnama ýerleşdirilipdir. Şonda wiza resmileşdirmek üçin nobat sanawyndaky zerur bolmadyk ýüz tutmalary aýyrmak talap edilýär.

Ilçihananyň Konsullyk gullugy Russiýa girmek üçin eýýäm wiza alan dalaşgärleriň garaşylýan sanawdaky talap edilmedik ýa-da dublikat ýazgylaryny ýatyryp biljekdigini bellemek isleýär.

Ýazgyny ýatyrmak üçin şu usuldan peýdalanmaly:

  • Özbaşdak internet sahypasynda deslapky ýazgyny aýyrmaly.
  • Konsullyk bölüminiň elektron kabul ediş bölümine ýüz tutujynyň ady, familiýasy, kabul edilmegiň senesi we wagty barada elektron poçta ibermek arkaly aýyrmak bolar.
  • 94-07-41 belgä jaň etmek arkaly hem bolar.

Bu ýazgylary aýyrmak bilen wizasyny resmileşdirmedik ýüz tutujylaryň despalky nobat ýazgysy üçin talon almagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň