Soňky habarlar

Arhiw

Benzema ― Ýewropanyň iň gowy futbolçysy

11:0326.08.2022
0
21924

Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Karim Benzema Ýewropada «2021/22-nji ýyllaryň futbol möwsüminiň iň gowy futbolçysy» yglan edildi. Oňa bu derejede geçen agşam Stambul şäherinde geçirilen dabarada berildi.

Benzema şu ýyl «Real» bilen Çempionlar ligasynyň kubogyny 8-nji gezek gazandy. Ol umumylykda bolsa Madrid şäheriniň kluby bilen 14 kubogyň eýesi boldy. Şeýle hem Benzemanyň 15 gol bilen Çempionlar ligasynyň geçen möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçy bolandygyny hem aýtmak gerek.

Ýeňiji Ýewropa kuboklarynyň geçen möwsümde toparçalaýyn tapgyryna gatnaşan klublaryň baş tälimçileriniň we ESM-niň žurnalistleriniň ses bermeginde kesgitlenildi.

Ses berlişikde Benzema 523, «Mançester Sitiniň» we Belgiýanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Kewin de Breýne 122, «Realyň» we Belgiýanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Tibo Kurtua 118 utuk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň