Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjy ýaýramazyndan bir ýyl öňürti ol barada bütin adamzady duýduran Abigýa Anand atly hindi oglanjygy täze çaklama aýtdy. Ýagny Anand 2022-nji ýylda nämelere garaşsa boljakdygyny gürrüň berdi.
Abigýa bu ýylyň taryha girjekdigini belledi we ýene-de ýokanç barada söz açdy, ol hemişe üýtgäp durmagy bilen baglylykda, häzirki bar bolan ähli derman serişdeleriniň koronawirusy doly ýeňip bilmejekdigini duýdurdy. Şonuň bilen bir hatarda ol adamyň immun ulgamynyň islendik oýlap tapyşdan peýdaly boljakdygyny nygtap, sagdyn durmuş terzi bilen meşgullanmagy hem-de öz bedeniňi taplamagy maslahat berdi.
Mundan başga-da ýaş palman emeli aňyň ösdürilmegine seresap çemeleşmegi maslahat berdi. Onuň pikiriçe, häzirki wagtda dünýäde durmuşa ornaşdyrylýan ähli täze tehnologiýalar adamzada ýaramaz täsir edip biler. Anand bu işiň eýýäm başlanandygyny we ony hiç kimiň saklap bilmejekdigini sözüniň üstüne goşdy. Bu barada «Rambler.ru» ýazýar.
