Turkmenportal logo
22.08.22
1228012280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Japarow «Abdyş-Ata» — «Neftçi» duşuşygynyň iň gowy oýunçysy boldy
Japarow «Abdyş-Ata» — «Neftçi» duşuşygynyň iň gowy oýunçysy boldy

«Abdyş Atanyň» türkmenistanly derwezeçisi Rahat Japarow futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň çäklerinde «Neftçi» bilen bolan oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Şenbe güni Koçkor-Atada geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda «Abdyş Atanyň» ýeňşi bilen tamamlandy.


Şeýlelikde gazanylan nobatdaky ýeňişde soňra 41 utuk toplan «Abdyş Ata» Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň turnir tablisasynda kerwenbaşylygyny dowam edýär. Ikinji ýerdäki «Alaýyň» hasabynda bolsa 31 utuk bar.


Maglumat üçin, Japarow 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Abdyş Atanyň» düzümine goşulypdy.