Soňky habarlar

Arhiw

Putin we Szinpin «G20»-ligiň maslahatyna gatnaşar

15:2919.08.2022
0
7901

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Uly ýigrimiligiň» Indoneziýanyň Bali adasynda geçjek sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýärler. Bu barada ýurduň Prezidenti Joko Widodo habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

«Hawa, Si Szinpin geler, Putin hem gatnaşmakçydygyny söz berdi» diýip, ol «Bloomber» habarlar gullugynyň bu baradaky sowalyna beren jogabynda nygtady.

Widodo Putiniň aprelde sammitiň işine gatnaşmak barada çakylygy kabul edendigini sözüniň üstüne goşdy.

Sammit 2022-nji ýylyň 15-16-njy noýabryna meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň