Soňky habarlar

Arhiw

«Wulwerhempton» 11-nji portugal oýunçysyny rekord baha satyn aldy

19:5818.08.2022
0
4438

Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş edýän «Wulwerhempton» kluby öz taryhyndaky iň gymmat transferi amala aşyrdy. Topar şu gün Portugaliýanyň «Sportinginden» Mateuş Nuneşiň satyn alnandygyny mälim etdi.

Klubyň resmi saýtynda berlen habara görä, portugaliýaly 23 ýaşly ýarymgoragçy «Wulwerhempton» bilen 2027-nji ýyla çenli niýetlenen şertnama gol çekişipdir. Şeýle-de toparda şertnamany awtomatiki ýagdaýda ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bar.

Iňlis sport neşirleri Mateuşyň transferiniň «Wulwerhempton» üçin 45 million ýewro düşendigini ýazýarlar. Mundan başga-da «Sporting» bu transferden ýene 5 million ýewro goşmaça töleg hem gazanyp biler. Bu mukdar iňlis toparynyň taryhynda bir oýunçynyň transferi üçin sarp edilen puluň rekord görkezijisidir. Ýene bir gyzykly tarapy, Nuneş Mateuş «Wulwerhemptonyň» häzirki düzümindäki 11-nji portugaliýaly oýunçydyr. Ýeri gelende bellesek, Mateuşy öz düzümine goşmaga «Liwerpul» hem-de «Mançester Siti» toparlary hem içgin gyzyklanma bildiripdiler.

Maglumat üçin, Nuneş Mateuş «Sportingiň» düzüminde şu möwsümde 1 gol urup, 1 gezek golly pas geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň