Arhiw

Muhammet Altybaýew Konýada bürünç medal gazandy

22:5617.08.2022
0
8941
Muhammet Altybaýew Konýada bürünç medal gazandy

Türkmenistanly kikboksingçi Muhammet Altybaýew Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Ol 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Oýunlaryň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu agram derejesindäki tutluşyklara Marokkodan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Kamerundan, Özbegistan Respublikasyndan, Türkiýeden, Iordaniýa Haşimit Patyşalygyndan we Gazagystan Respublikasyndan bolan türgenler gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda çykyş edýän kikboksing boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna 14 türgen agzalyk edýär.

Oýunlar ertir — 18-nji awgustda tamamlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň