Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

21:4814.08.2022
0
3448

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany öz gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan we kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gutlag hatynda Prezident Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň