Soňky habarlar

Arhiw

Karreno-Busta ilkinji gezek «Mastersiň» çempiony boldy

11:4215.08.2022
0
4612

Ispaniýaly tennisçi Pablo Karreno-Busta Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilen ATP turniriniň ýeňijisi boldy. Ol aýgytlaýjy oýunda dünýäniň 10-njy raketkasy polşaly Hubert Hurkaçy 3:6, 6:3, 6:3 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Karreno-Busta ýaryşyň baş baýragy bilen birlikde 1000 reýting utugyny hem-de 915 müň amerikan dollary möçberde pul baýragyny hem gazandy.

Ýeri gelende bellesek, Monrealdaky üstünlik Karreno-Bustanyň «Masters» seriýasyna girýän ýaryşlarda gazanylan ilkinji çempionlygydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň