Turkmenportal logo
13.08.22
65126512
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
3-nji tapgyrdan soň «Merwiň» kerwenbaşylygy dowam edýär
3-nji tapgyrdan soň «Merwiň» kerwenbaşylygy dowam edýär

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň üçünji tapgyryndan soň Marynyň «Merw» topary turnir tablisasynda ýeke-täk lidere öwrüldi. «Merw» üçünji tapgyrda «Aşgabady» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, utuklarynyň sanyny 9-a ýetirdi. Üçünji tapgyrdan soňra «Şagadam» we «Ahal» toparlary utuklarynyň sanyny 7-ä ýetirdiler. Bu iki toparyň utuklarynyň sany deň hem bolsa, urlan we geçirdilen gollaryň aratapawudy has gowulygy sebäpli «Ahal» ikinji ýerde barýar. Dördünji orundaky «Köpetdagyň» hasabynda 6 utuk bar. Güýçli bäşligi 5 utuk bilen geçen ýylky çempion «Altyn asyr» jemleýär.


Soňky orunlary eýeleýän «Aşgabat», «Nebitçi» we «Energetik» toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmediler.


Turnir tablisasy:


№ Toparlar O GA U


1. «Merw» 3 5-2 9


2. «Ahal» 3 16-1 7


3. «Şagadam» 3 4-2 7


4. «Köpetdag» 3 5-4 6


5. «Altyn asyr» 3 3-2 5


6. «Aşgabat» 3 3-6 0


7. «Nebitçi» 3 2-11 0


8. «Energetik» 3 1-11 0