Soňky habarlar

Arhiw

Gurtlyda üç müňden gowrak maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar

12:1912.08.2022
0
23942
Gurtlyda üç müňden gowrak maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Aşgabadyň günbatar künjegindäki Gurtly ýaşaýyş toplumynda 90 gektardan gowrak meýdany tutýan, dört gatly ýaşaýyş toplumynyň ak mermere beslenen binalarynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýakyn aýlarda 64 sany dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlarlar. Binalarda timarlaýyş işleri tamamlanyp, awtoulag ýollary asfaltlanýar, toplumyň içinde we jaýlaryň arasynda ulag we pyýada ýollary çekilýär diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.

Binalar telekommunikasiýa ulgamlary, howa sowadyjylary, ýyladyş enjamlary bilen üpjün edilýär. Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda üç müňden gowrak maşgala täze öýlere göçüp gelerler. Jaýlar 150 inedördül metrlik dört otagly, 120 inedördül metr meýdany bolan üç otagly we meýdany 88 inedördül metr bolan iki otagly öýlerden ybaratdyr.

Gurty ýaşaýyş toplumynda-da söwda nokatlary, söwda we dynç alyş merkezi, bazar, durmuş üçin hyzmat desgalary, mekdep we çagalar baglary bar. Dynç alyş, çagalar we sport meýdançalary döredilýär. Olar adamlaryň ýokary durmuş derejesi, öndürijilikli işi üçin amatly şertleri üpjün etmek üçin döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň