Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti energetik zenanlaryň ilkinji sebitleýin sammitine gatnaşdy

22:3611.08.2022
0
1332
Türkmen wekiliýeti energetik zenanlaryň ilkinji sebitleýin sammitine gatnaşdy
Surat: KABAR

Türkmenistanyň Energetika ministrligine degişi bolan düzümlerde zähmet çekýän zenanlardan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň ilkinji konferensiýasyna gatnaşdy diýip, gyrgyz internet saýtlarynda habar berilýär.

9-10-njy awgustda geçirilen forum Gyrgyzystanyň «Energetik zenanlar» Assosiasiýasy we USAID-iň «Merkezi Aziýanyň energetikasy» taslamasy bilen bilelikde guraldy.

Maslahat energetika ulgamynda işleýän zenan hünärmenler üçin bilim we tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi. Onuň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň energetika ulgamynda işleýän zenan hünärmenleri, şeýle hem jemagat hojalygy we energetika kompaniýalarynyň, uniwersitetleriň hem-de dürli guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.

Sebitleýin forumda türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş edip, häzirki döwürde Türkmenistanda gender deňligi syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, zenanlaryň döwlet düzümlerinde dürli wezipelerde zähmet çekýändiklerini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, energetik zenanlaryň alyp barýan işleri we olaryň kanun taýdan kepillendirilen ýaşaýyş-durmuş şertleri dogrusynda gürrüň berdiler.

Forumda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ulgamynda zähmet çekýän zenanlar öz kärdeşleri bilen öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de geljekde STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ulgamyna girýän ýaş aýal-gyzlaryň sanyny köpeltmegiň mümkin bolan çözgütleri we ýollary barada pikir alyşdylar.

USAID-iň «Merkezi Aziýa taslamasy» Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetlerine energetika ulgamynda ileri tutulýan milli we sebitleýin maksatlara ýetmekde hem-de sebitdäki elektrik energiýasynyň söwdasynyň ykdysady bähbitlerini ýokarlandyrmakda goldaw bermegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň