Soňky habarlar

Arhiw

«Iner Store» türkmen okuwçylaryna we talyplaryna amatly bahadan harytlary hödürleýär

09:5711.08.2022
0
5103

«Iner Store» lomaý onlaýn-platformasy talyplara we okuwçylaryň ene-atalaryna zerur bolan kanselýariýa harytlaryny amatly bahadan satyn almaga ýardam eder.

Onlaýn hyzmatlar ulgamynyň hödürleýän harytlary diňe bir Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin elýeterli däldir. «Iner Store» Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna sargytlary iberýär.

«Iner Store-iň» ulanyjylary «Mekdep bazary» bölüminde ruçka, bozguç, galam, gysdyrgyç (skrepka), depder daşy we beýleki zerur bolan kanselýariýa harytlary bilen bir hatarda, çagalaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrjak boýaglar, plastilin, reňkli kagyz, konstruktor we ş.m. harytlary hem satyn alyp bilerler.

«Iner Store» onlaýn hyzmatlar ulgamynyň ýene-de bir özüne çekiji aýratynlyklarynyň biri hem amatly bahalardyr, bu bolsa maşgaladaky iki we ondan köp okuwçynyň mekdebe taýýarlygynda ýeňillik döreder.

«Iner Store» platformasynda kanselýariýa harytlaryndan başga-da, egin-eşik, hojalyk tehnikalary, kosmetika we beýleki dürli görnüşli harytlaryň hödürlenýändigini bellemek gerek.

«Iner Store» mobil goşundysy App Store we Play Market dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 62 46 48.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň