Soňky habarlar

Arhiw

Mirziýoýew özbek-türkmen ulag kompaniýalaryny döretmegi teklip edýär

22:0409.08.2022
0
4271
Mirziýoýew özbek-türkmen ulag kompaniýalaryny döretmegi teklip edýär
Surat: president.uz

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 9-njy awgustda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly taslamalar bilen tanyşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Özbegistanyň döwlet Baştutany pandemiýa bilen baglylykda, Ýewropa ugradylýan ýükleriň ulag çykdajylarynyň 3 500 amerikan dollaryndan 10 000 amerikan dollaryna çenli artandygyny, ýükleriň Ýewropa ýetirilýän wagtynyň 20 günden 35 güne çenli uzalandygyny nygtady. Özbek Lideri bu meseläni çözmek bilen baglylykda, ýurduň ulag ministrine eksport edijiler üçin ýükleri daşamakda çykdajylary we ýol wagtyny azaltmak boýunça amatly çözgütleri taýýarlamagy, şeýle-de bu ugurda Pakistan hem-de Türkmenistan bilen bilelikdäki üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki kompaniýalary döretmek baradaky teklipleri öwrenmegi tabşyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük daşamalary 17 ýokarlandy. Bu görkeziji üstümizdäki ýylda hem saklanyp galýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň iýul aýynyň 14-15-ne Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň tagallalarynyň umumy maksada — Merkezi Aziýany, Ýewropany, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjek kuwwatly, döwrebap infrastrukturalary döretmäge gönükdirilmelidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň zerurdygyny hem nygtap, bu ugurda ýakyn geljekde taslama gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Saparyň barşynda Özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama, iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň