Soňky habarlar

Arhiw

Ähli döwürleriň iň gowy komediýa aktýorlary yglan edildi

11:2409.08.2022
0
5147
Ähli döwürleriň iň gowy komediýa aktýorlary yglan edildi
Surat: sitekid.ru

«MAXIM» žurnaly russiýaly okyjylaryň arasynda soňky 100 ýylda iň gowy komediýa aktýoryny kesgitlemek boýunça pikir soraşma geçirdi. Netijede, birinji orny nusgawy artist Ýuriý Nikulin eýeledi. Hut Nikulin, russiýalylaryň pikiriçe, şeýle derejä mynasypdyr we ol tomaşaçylaryň ägirt uly söýgüsini gazandy. Bu barada «Rambler.ru» ýazýar.

Habarda bu ugurdaky ilkinji üçlüge Ýewgeniý Leonowyň girýändigi, altynjy orny bolsa Andreý Mironowyň eýeländigi aýdylýar.

Russiýalylaryň pikiriçe, ähli döwürleriň iň oňat komediýa aktýorlarynyň onlugyna Jeki Çan, Pýer Rişar, Jim Kerri, Adriano Çelentano, Lesli Nilsen we Çarli Çaplin girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň