Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIFA-nyň reýtingine girizildi

15:5005.08.2022
0
4709
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIFA-nyň reýtingine girizildi

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIFA-nyň reýtinginden orun aldy. Guramanyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, türkmenistanly zenan futbolçylar sanawda 1075,41 utuk bilen 137-nji orny eýeleýärler.

Türkmen ýygyndysy bu sanawa iýul aýynda CAFA-nyň Duşenbe şäherinde geçiren halkara ýaryşyndan soň girizildi. Şol ýaryşda Täjigistan we Gyrgyzystan bilen deňme-deň oýnan türkmenistanly futbolçy zenanlar Özbegistandan we Eýrandan asgyn geldiler.

Başyny ABŞ çekýän sanawda ikinji orny bäş basgançak ýokarlanan Germaniýanyň ýygyndysy eýeleýär. Ýewro ― 2022-niň çempiony Angliýa bolsa sekizinjilikden dördünjilige çenli göterildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň