Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýa 700 tonnadan gowrak goýun ýüňüni eksport etdi

12:2105.08.2022
2
6096

Iýul aýynda Rosselhoznadzoryň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk welaýaty boýunça müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň döwlet serhedinde Türkmenistanyň welaýatlarynda öndürilen we arassalanan 6 tapgyr (118 tonna) goýun ýüňi arassaçylyk barlagyndan geçirildi diýip, rus weterinar gullugy habar berýär.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ulag serişdeleriniň, gözegçilikden geçirilýän ýüküň we weterinar gözükdiriji resminamalaryň Russiýa Federasiýasynyň weterinar talaplaryna laýyk gelýänligi kesgitlendi. Şeýlelikde, çig mal Rosselhoznadzor müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan «Merkuriý.SWH» ulgamynda №3 görnüşinde resmileşdirildi we «Argus» ulgamy arkaly hasaba alyndy.

Umumylykda, ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk welaýatynyň çäginde Rosselhoznadzoryň gözegçiliginde Türkmenistandan goýun ýüňüniň 36 tapgyry (707,5 tonna) iberildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň