Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi

21:5804.08.2022
0
22095
Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi
Surat: tdh.gov.tm

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher çagynda Hazar deňziniň kenaryna çykyp, ol ýerde ogly Kerimguly bilen birsellem gezelenç etdi hem-de welosipedli ýörişi amala aşyryp, sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk binýadyny goýan köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi we sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýurduň ýolbaşçylar düzüminiň häzirki dynç alyş döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport çäreleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Awazanyň tebigy aýratynlyklary bu ýerde şypahana-dynç alyş düzümini hem-de sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär hem-de onuň syýahatçylyk we sport merkezine öwrülmegini şertlendirýär. Bu künjegiň tebigy gözelligi, arassa howasy, bagy-bossanlygy dynç alyşda bolýan adamlara ruhy lezzet berýär hem-de olaryň saglygyny berkitmegine uly ýardam edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurduň ýolbaşçylar düzümi hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerine işjeň gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň