ABŞ-nyň Umman we howa barlaglary milli edarasy (NOAA) şu gün Ýere aralaşyp biljek Gün tupany barada duýduryşy ýaýratdy. Ol G1 toparyna degişli bolar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ol Gün tupanlarynyň iň gowşak derejesidir, emma şeýle hadysa elektrik ulgamlarynyň we emeli hemralaryň işine täsir edýär. Netijede ol Demirgazyk polýusyň töweregindäki sebitlerde polýar şapaklaryny döredip, şeýle-de Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp göçüp-gonýan haýwanlarydyr guşlary ýoldan azaşdyryp biler. Geomagnit tupanynyň çeşmesi Günüň günorta-günbatar tarapyndaky koronal deşik bolup durýar, gözegçilikler onuň gün şemalynyň akymyny pürkendigini görkezdi, bu bolsa öňdäki 24-48 sagadyň içinde geomagnit tupanynyň emele gelmegi üçin şert döredýär.
Mundan öňki Zeminde Gün tupany 19-njy iýulda boldy, şonda ABŞ-nyň we Kanadanyň demirgazygynda ýagty polýar şapaklary hasaba alyndy.
