Beýik Britaniýada garrylar öýünde ýaşaýan 77 ýaşly goja kişi bilen onuň ýaşdaşy bolan zenan bir-birine aşyk bolup, nika baglaşdylar diýip, ýerli «Metro» gazeti habar berdi.
Meri Turrell diýen aýal Derek Braun atly goja bilen bu ýerde koronawirus ýokanjy döwründe tanyşdy, Meri özleriniň birek-biregi gören dessine aşyk bolandyklaryny gürrüň berip, «Men öz arzuwymyň şazadasyna duşdum, özümi diýseň bagtly duýýaryn» diýdi. Goja Braun hem dünýäde iň ajaýyp zenana duşandygyny aýdýar. Olar wagtlaryny bileje geçirýärler, aýdym aýdýarlar, tans edýärler we surat çekýärler.
Olaryň garrylar öýünde tutan toýuna dogan-garyndaşlarydyr edaranyň işgärleri gatnaşdylar.
Garrylar öýüniň iş dolandyryjysy Kerol Boýs-Flouers munuň edaranyň çäginde tutulan ilkinji nika toýudygyny gürrüň berýär, onuň pikiriçe, «ýaş» çatynjalar islendik ýaşda-da öz söýgüliňi gözlemegi bes etmeli däldigi barada beýlekilere sapak beripdirler. Bu barada «MIR 24» ýazýar.