Soňky habarlar

Arhiw

Putin Hazar deňziniň töwereginde motoýaryş geçirmek baradaky teklibi goldady

17:4101.08.2022
0
10150
Putin Hazar deňziniň töwereginde motoýaryş geçirmek baradaky teklibi goldady

2022-nji ýylyň oktýabr aýynda «Hazar deňzi — dostluk deňzi» atly halkara motoýaryşy geçiriler. Ýaryşyň ýoly Hazar döwletleriniň bäşisiniň — Russiýanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň çäginden geçer. Bu barada Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkin metbugat ýygnagynda mälim etdi diýip, Ast-news.ru ýazýar.

Motosikl ýaryşy 5-nji oktýabrda Astrahanda başlap, 15-nji oktýabrda Dagystanda tamamlanar. Babuşkiniň sözlerine görä, motoýaryşy geçirmek baradaky başlangyjy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem goldady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň