Turkmenportal logo
01.08.22
14691469
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Edita Pýeha 85 ýaşyny baýram etdi
Surat: day.ru

SSSR-niň halk artisti, aýdymçy Edita Pýeha düýn 85 ýaşyny baýram etdi.


Ol 1937-nji ýylda Fransiýanyň demirgazygyndaky Nuaýel-su-Lans diýen şahtýorlaryň şäherjiginde, polýak maşgalasynda dünýä indi. Çagalygyndan aýdym-saz sungaty bilen gyzyklandy.


Edita Pýeha ilkinji gezek 1955 we 1956-njy ýyllarda Leningrad konserwatoriýasynyň talyplarynyň wokal topary bilen Täze ýyl agşamynda çykyş etdi, şonda polýak dilinde ýerine ýetiren «Gyzyl awtobus» diýen aýdymy Editany bütin şähere meşhur etdi. Ol şeýle-de ýerine ýetiren aýdymlary bilen birnäçe dokumental filmlerde çykyş etdi, 1956-njy ýylda ilkinji aýdym-saz albomy satuwa çykdy.


1957-nji ýylda Pýehanyň «Dostluk» aýdym-saz topary Moskwada geçen Bütindünýä ýaşlar we talyplar festiwalynda altyn medala mynasyp boldy. Onuň topary diňe bir owalky Sowet Soýuzynda däl, eýsem, Polşada, GFR-de, Finlýandiýada, Wengriýada, Awstriýada, Kubada, Gondurasda, Mongoliýada, ABŞ-da, Owganystanda bellidi.


Nusgawy aýdymçyny doglan güni bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gutlady.