TNGIZT-de şu ýyl 800 müň tonnadan gowrak benzin öndürildi

16:0729.07.2022
0
1097

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýyl 811 müň tonnadan gowrak awtomobil benzini öndürildi. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden 208 müň tonna artykdyr ― diýip, Jeyhun.news ýazýar.

Öndürilen harytlyk önümiň 469 tonna töweregi «A-95», 279 tonna töweregi «A-92» we takmynan 64 müň tonnasy «A-80» kysymly benzindir. Şonuň ýaly-da, hasabat döwründe kerosiniň ähli görnüşleriniň 218 müň tonna töweregi öndürildi.

Ýeri gelende aýtsak, TNGIZT-de ýylyň başyndan bäri 2 million 389 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şonda 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Bu ýerde ýangyç we nebit-himiýa önümlerini 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Onuň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň