Russiýanyň Baş prokurory Türkmenistana sapar bilen geldi

09:3928.07.2022
0
24768
Russiýanyň Baş prokurory Türkmenistana sapar bilen geldi
Surat: RG.ru

Russiýa Federasiýasynyň Baş prokurory Igor Krasnow Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Ol düýn Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi, şeýle-de türkmen tarapy bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada «MIR24» habar berýär.

I.Krasanow ýadygärlikler toplumynyň çägindäki Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym», Watanyň azatlygy, halkyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine gül desselerini goýdy.

Soňra saparynyň meýilnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdy. Ony Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, sebit we halkara gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň Baş prokurory Serdar Mälikgulyýew bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda Hazar deňzini goramak, iki ýurduň hem hukuk goraýjy edaralarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň