Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek ýoly» rallisiniň ýeňijileri Türkmenistana gaýdyp geldiler

18:3725.07.2022
0
30438

«Ýüpek ýoly» rallisinde ýeňiji bolan Türkmenistanyň ekipažy ― doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler şu gün ýurda gaýdyp geldiler.

Olar ilkinji gezek 1000 kilometrden gowrak aralykda geçirilen T2 ýaryşynyň ýeňijisi bolmagy başardylar.

Aşgabatda ýeňijileri Turkmenportalyň wideoýazgy topary garşylady. Söhbetdeşlikde doganlar Toýlyýewler ýaryşyň Grozny ― Elista aralygynyň has kyn bolandygyny aýtdylar. Ata Watana gaýdyp gelmek olar üçin örän uly şatlyk.

Türkmenistanyň topary 6 ― 16-njy iýul aralygynda geçirilen ýaryşa «Nissan Patrol» ulagynda gatnaşdy. Ýaryş Astrahan şäherinden başlap, Moskwanyň «Lužniki» stadionynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň