Turkmenportal logo
25.07.22
1466414664
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistany ýeňip, woleýbol boýunça Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýarym finalyna çykdy
Türkmenistan Özbegistany ýeňip, woleýbol boýunça Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýarym finalyna çykdySurat: Gyrgyzystanyň woleýbol federasiýasy

Woleýbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň arasyndaky Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky oýnunda Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistany ýeňlişe sezewar etdi. Üç döw dowam eden oýun 25:18, 25:13, 25:10 hasaplarynda Türkmenistanyň ýeňşi bilen tamamlandy.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň bäsleşigiň ýarym finalyndaky garşydaşy Gazagystan-Gyrgyzystan oýnundan soňra mälim bolar.


Ýaryşyň ýarym final oýunlary 26-njy iýulda, üçünji orun üçin we final duşuşyklary bolsa 27-nji iýulda geçiriler.