Turkmenportal logo
24.07.22
1129011290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynda türkmen woleýbolçylary Gyrgyzystanyň toparyny utdy
Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynda türkmen woleýbolçylary Gyrgyzystanyň toparyny utdy

Bişkekde geçirilýän Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogy ýaryşynyň (Bişkek häkiminiň Kubogy) ikinji oýnunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystanyň toparyny utdy (3:2).


Oýundaky döwler 28:26, 17:25, 25:21, 23:25, 15:8 hasabynda tamamlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy 4 utuk toplap, toparçada öňdeligi eýeleýär.


Şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň topary 3 döwüň dowamynda Özbegistany 3:0 hasabynda utdy.


Jemleýji tapgyrda (25-nji iýulda) türkmen woleýbolçylary Özbegistanyň topary bilen duşuşarlar.


Ozal habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň finaly 27-nji iýulda bolar.