Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gündogar sebitindäki taryhy ýadygärliklerde bejeriş-dikeldiş işleri geçirilýär

21:0424.07.2022
0
17823

Şu günler Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýakynynda ýerleşýän Akmuhammet işanyň medresesinde bejeriş-dikeldiş işleri geçirilýär. Işleri «Kerki» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar. Bu barada Jeyhun.news habar berdi.

Medrese Kerki etrabynyň Astanababa geňeşliginiň günorta-günbatarynda «Kerki — Türkmenabat» gara ýolunyň 12-nji kilometriniň çep tarapynda 150—200 metr uzaklykda çölüň eteginde ýerleşýär. Bu arhitektura ýadygärligi XIX asyra degişlidir. Öz döwrüniň uly bilim ojaklarynyň biri hasaplanypdyr. Medrese ýerli ilat arasynda «Kyrk gümmez«, «Akmät işanyň medresesi» diýlip atlandyrylýar. Onuň gümmezi bişen kerpiçden gurlupdyr. Diwarlary bolsa iki gatdan ybarat bolup, içki gaty çig kerpiçden, daşky gaty pagsadan galdyrylypdyr. Uzynlygy 12,30 metr, ini 11,80 metr ölçegde gurlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň