Turkmenportal logo
24.07.22
28362836
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Demir ýol ulagynda ýük howlularynyň hyzmaty ýola goýulýar

Türkmenistanyň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 20-nji şahamçasy Etrek, Gypjak, Tejen, Sarahs, Altyn asyr, Mary, Zerger, Türkmenabat-2, Kerki, Daşoguz demir ýol beketlerinde özüniň has amatly şertleri bilen tapawutlanýan Ýükleýiş-düşüriş ýük howlularynyň ýokary hilli hyzmatyny hödürleýär. «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu hyzmatdan demir ýol ulaglary arkaly ýük daşaýan we ýük daşamaga isleg bildirýän her bir müşderiniň peýdalanmaga mümkinçiliginiň bardygy aýdylýar.


Diňe bir ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen çäklenmän, bu ýük howlularynda açyk we ýapyk görnüşli ýük ammarlary hem bolup, olarda müşderileriň ýüklerini islendik möhlete çenli amatly we elýeterli bahalarda saklap bermek hyzmaty hem hödürlenýär.


Şeýle-de, okaň: