Soňky habarlar

Arhiw

Ranil Wikramasinghe Şri-Lankanyň täze Prezidentligine saýlandy

23:0621.07.2022
0
4905

Şri-Lankanyň täze Prezidenti wezipesine premýer-ministr Ranil Wikramasinghe saýlandy, ol döwlet Baştutany wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi diýip, «belta.by» saýty habar berdi.

Habarda Wikramasingheniň Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Mejlisde ses berlişik netijesinde saýlanan sekizinji döwlet Baştutanydygy bellenýär.

15-nji iýulda ýurduň Mejlisiniň agzasy Mahinda Ýapa Abeiwardena Prezident Gotobaýa Rajapaksanyň resmi taýdan wezipesinden gidendigini habar beripdi.

73 ýaşly täze döwlet Baştutany 134, onuň esasy garşydaşy, habar beriş serişdeleri boýunça öňki ministr Dulla Allahaperuma 82 ses aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň