Turkmenportal logo
21.07.22
1523515235
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň zenan futbol topary CAFA çempionatynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň zenan futbol topary CAFA çempionatynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy

Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary CAFA — 2022 zenanlar çempionatynyň netijelerinden soň, Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýörite baýrak (Special Award) gowşurdy. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web sahypasy habar berdi.


Baýrak gowşurylyş dabarasy çarşenbe güni Duşanbe şäherinde boldy. Simwoliki baýragy Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Furkat Ahmetjanow tarapyndan Türkmenistanyň ýygyndysynyň kapitany Mariýa Çaryýewa gowşuryldy.



Türkmenistanly türgenleriň gatnaşan ilkinji halkara ýaryşynda dördünji orny eýeländigini ýatladýarys (2 utuk bilen).


Özbegistanyň zenanlar ýygyndysy 12 utuk toplap, Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionatynda ýeňiji boldy.


Eýranyň ýygyndysyna kümüş medal (9 utuk), Gyrgyzystanyň ýygyndysyna (4 utuk) bürünç medal gowşuryldy.


Ýaryşyň «Fair Play» baýragyny Eýranyň ýygyndysy aldy.


Özbegistan milli ýygyndysynyň kapitany Nilufar Kudratowa ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. Şeýle hem ol geçiren bäş goly bilen ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy.