Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara ulag forumy dowam edýär

16:2618.07.2022
0
13203

Şu gün Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu halkara ulag forumy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy boýunça guralýar. Onuň esasy guramaçylary hökmünde «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleri, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi hem-de forumy bilelikde geçirmäge gatnaşýan Türkmen logistika assosiasiýasy we «Türkmen Forum» kompaniýasy çykyş edýär.

Halkara ulag forumyna ulag-logistika we degişli pudaklaýyn ugurlarda iş alyp barýan 400-den gowrak hünärmen gatnaşýar. Şolaryň 170-den gowragy daşary ýurt kompaniýalarynyň, 90-a golaýy bolsa türkmen kärhanalarynyňdyr edaralarynyň wekilleridir.

Bu forum halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanyp, sebitde halkara ýük daşamalarynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrmagy, täze özara peýdaly gatnaw ugurlarynyň açylmagynda çözgütleri ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.

Belläp geçsek, halkara ulag forumy iki günläp, 18 – 19-njy iýulda dowam eder. Halkara ulag forumyndan soň, 20-nji iýulda oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna syýahaty we gezelençleri guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň