Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara maslahaty geçirmäge taýýarlyk görýär

15:2108.07.2022
0
6263

18-20-nji iýulda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş boýunça ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşmak, halkara daşamalar ulgamynda täze şertlere uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahat Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynda guraldy.

Forumy guramaçylaryň belleýşi ýaly, bu abraýly çäräni halkara kommunikasiýalarda milli ulag kärhanalarynyň işini giňeltmek, ulag-üstaşyr ulgamlardan ýöiteleşen türkmen döwlet edaralarynyň, iri logistika institutlarynyň we halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen her ýylda geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

Maslahatlaşmalaryň esasy temalary şular bolar: ulag-logistika toplumynyň pandemiýadan soňky dikeldilişi: täze çagyryşlar we mümkinçilikler; ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy: geljege nazar; durnukly ulagyň ekologiýa jähtleri; ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny; ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde ylym we bilim ulgamynyň orny.

Vitol, Meno Logistics, Boeing, Dragon Oil, Fly Dubai, Airbus, Car Deluxe ýaly belli kompaniýalaryň; IATA (Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy), ICS (gämi gatnawlarynyň halkara palatasy), IRU (Awtomobil ulagynyň halkara bileleşigi) we beýleki köp sanly halkara guramalar gatnaşar.

Maslahatyň sessiýalaryna we panel diskussiýalaryna BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky ýaly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşar.

Maslahatyň üçünji gününde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini öwrenmeklik, hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaklyk meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň